Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda geçirilýän «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň ýurtlary umumy ruhy-medeni gymmatlyklar we durmuş-ynsanperwer meseleler boýunça meňzeş garaýyşlar esasynda birleşdirýän möhüm çäre bolup durýandygyny belledi.
Daşky gurşawy goramak, şeýle hem sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns beren Oguljahan Atabaýewa bu serginiň tebigaty goramak ugrunda hem möhüm amaly ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilelikdäki tagallalar arkaly ekologiýa babatda köp sanly möhüm taslamalary durmuşa geçirip boljakdygyny nygtady. Ol haýyr-sahawat gaznasyna baryp görendigini belläp, çagalara nähili uly üns we alada edilýändigine hut özüniň göz ýetirendigini aýtdy. Şeýle hem şu günki serginiň haýyrly işleriň dowam etdirilmeginde ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa şeýle duşuşyklaryň täze mümkinçilikleri açýandygyny, hususan-da, adamlara alada etmek we şol esasda geljegi gurmak ýaly umumy maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam berýändigini belledi.
Ol her bir çaga üçin iň möhüm zadyň ejesiniň ýanynda özüni howpsuz we alada bilen gurşalan duýmak, özüniň söýülýändigine hem-de hemişe diňlenilmäge taýýardyklaryna ynamly bolmakdygyny nygtady.
