“Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Başlygy Türkmenistanyň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesini almak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirýän çäreleriniň giň gerimlidigini, şeýle hem Dünýägözel Gulmanowa bilen dürli halkara meýdançalarynda, şol sanda yzygiderli duşuşyklary geçirýändigini belledi.
«Russiýanyň senatorlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär. 19–20-nji noýabrda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň göçme çäreleri geçiriler: GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi, 61-nji plenar mejlis, şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlygy boýunça hem-de hukuk meseleleri boýunça hemişelik toparlarynyň mejlisleri bolar. Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk eden döwründe alyp baran uly işlerine ýokary baha berýäris» diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy.
Türkmenistanyň GDA giňişliginde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň başlygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko türkmen tarapyna GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini almak mümkinçiligi baradaky meselä garamagy teklip etdi.
Matwiýenko parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin gowy binýadyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşi bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk arkaly döredilendigini ýatlatdy.

«Dostluk boýunça parlament toparlarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny biz birnäçe gezek belläp geçdik. Meniň pikirimçe, indi bu hyzmatdaşlyga amaly häsiýet bermek üçin wagt geldi» diýip, Walentina Matwiýenko nygtady. Ol parlamentara hyzmatdaşlygyň «ýol kartasyny» taýýarlamak maksady bilen dostluk toparlarynyň bilelikdäki mejlisini geçirmegi teklip etdi. «Ýol kartasynda» anyk çäreler, tejribe alyşmalar we degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklar göz öňünde tutulmalydyr.
Walentina Matwiýenko Ýaş kanun çykaryjylar palatasynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamenterler toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş etdi.
Matwiýenkonyň bellemegine görä, iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky dialog örän işjeň alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň parlamentiniň howandarlygynda geçirilýän ähli çärelere gatnaşýar. Biz hem siziň geçirýän ähli çäreleriňize, şol sanda Bitaraplyk dostlary toparyna agza döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşyklaryna gatnaşýarys. Bu ýagdaý ýurduňyzyň diňe bir sebit syýasatynda däl, eýsem halkara syýasatynda hem ornunyň ýokarlanandygyny görkezýär» diýip, ol aýtdy.
Dünýägözel Gulmanowa iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol kanun çykaryjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem zenanlar bilen bagly gün tertibini öňe ilerletmekde Walentina Matwiýenkonyň möhüm ornuny nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň aýtmagyna görä, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk saglygy goraýyş, demografiýa, durnukly ösüş, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şeýle hem Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilik berýär.
«Bu bize öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär» diýip, ol belledi.
Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň başlygy bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Walentina Matwiýenko Dünýägözel Gulmanowany Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen, 2027-nji ýylyň güýzünde Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek bäşinji Halkara Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.
