DÜNÝÄ

Gazagystan – Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy

Astana şäherinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy..

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar boýunça pikir alyşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag, maliýe, oba hojalygy we suw dolandyrylyşy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, şeýle hem nebit-gaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň üstünde durlup geçildi.

R.Sklýar öz çykyşynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça çalt depginde ösýändigini belledi. Muňa goşant goşýan esasy görkeziji iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklar, şeýle hem adaty häsiýete eýe bolan özara saparlar bolup durýar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz gezeginde Gazagystan Respublikasynyň Merkezi Aziýada Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady, muňa bolsa şu ýylyň ilkinji 4 aýyň dowamynda özara söwdanyň depginli ösýändigi baradaky sanlar şaýatlyk edýär. Türkmen tarapy dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary söwda dolanyşygynyň we ösüş depgininiň oňyn derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine we çuňlaşmagyna itergi bermek üçin ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi .

Duşuşygyň netijesinde Teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy