DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýada geçirilen halkara foruma gatnaşdy

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarussiýanyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy gelejek» atly halkara forumynyň Plenar mejlisine gatnaşdy.

Foruma dünýä ýurtlaryndan parlamentleriň, halkara guramalaryň we ylmy-jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Plenar mejlisde wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda taryhy mirasa hormat goýmak, ony unutmazlyk, ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary dowam etmek, dünýäde parahatçylygy, agzybirligi üpjün etmek hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak we bilelikde degişli işleri alyp barmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak barada aýdyldy.

Bu maslahatda türkmen wekiliýeti çykyş etmek bilen, maslahata gatnaşyjylary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýän halkara başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri barada belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygynyň dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigi bellenip geçildi. Birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti hem çykyşda nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Tbiliside türkmen halysynyň baýramy bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Oleg Kononenkony sylaglady