DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň müdiri Golda el-Huri bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň tassyklanan ÝUNESKO-nyň konwensiýalarynyň çäginde gazanylan, şeýle hem Türkmenistanyň bilen bu guramanyň arasynda gol çekilen beýleki halkara-hukuk resminamalar oňyn netijelere esaslanýar.

Taraplar, türkmen halkynyň milli medeni gymmatlyklaryny – Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek nukdaýnazaryndan yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň “Halkara Nowruz baýramy”, “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we ýüpek dokamaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Nasreddin Hojanyň degişmelerini gürrüň bermek däbi” atly köpmilletli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna teklip etmek, taýýarlamak we hödürlemek boýunça alyp barýan işleri barada hem nygtaldy.

Taraplar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny açmagyň möhümdigini, bu işleriň Türkmenistanyň bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geljekki mümkinçiliklere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO girmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar