JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: Türkmenistanyň 35 ýyllyk şöhratly ýoluna buýsanç bilen garaýarys

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady. 

Prezident Ärdoganyň gutlagynda şeýle diýilýär: 

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk Türkmenistanyň halkyny mähirli gutlaýaryn. Ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan bäri geçen 35 ýyllyk şöhratly ýoluna buýsanç bilen garaýarys.

Umumy taryhymyza, dinimize we medeniýetimize esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Bu formatda 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antalýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine, hormatly doganym, Sizi myhman hökmünde ýurdumyza çagyrmaga şatdygymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Related posts

ARKADAG ŞÄHERI

Ata Watan Eserleri

Taryh we Edebiýat : Täze Sahypalar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri