JEMGYÝET

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär: 

– Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Halkyňyzyň bu şanly senäni baýram edýän gününde Aşgabadyň köçeleri milli buýsanja beslener. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde Siziň döwletiňiziň taryhynda aýratyn orun eýeledi.

Men bu şanly baýramy Siziň bilen paýlaşyp bilýändigime buýsanýaryn. Geçen ýylyň noýabr aýynda Ak Tamda Sizi kabul etmek meniň üçin örän ýakymly boldy. Biziň umumy maksada paýlaşýandygymyza, ýagny ýurtlarymyzyň bähbitlerini birinji orna goýýandygymyzy bilýärin we iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklar üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Meniň maşgalam hem Size we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

 

Related posts

Türkmen şirketlere 200 milyon dolarlık destek

vepa

Türkmen talyplarynyň beýik ýeňşi

vepa

Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýöriş badalga aldy