JEMGYÝET

Türkmenistanda 1200 orunlyk atçylyk toplumy açylar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän döwründe   Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi rowaýata öwrülen «behişdi bedewleriň» dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Atçylyk toplumynyň açylmagy diňe bir ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň infrastrukturasyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, Garaşsyzlygyň şanly senesi mynasybetli ähli watandaşlarymyz üçin ähmiýetli sowgat bolar. Täze toplum halkymyzyň köpasyrlyk däplerini häzirki döwrüň öňdebaryjy standartlary bilen utgaşdyrar.

Related posts

Oguljahan Atabaýewa  Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Kazak kültürü Türkmenistan’da tanıtıldı

vepa

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri