SPORT

Dawut Nazmyradow Aziýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji kümüş medaly gazandy

Karate sportunyň türgeni  Dawut Nazmyradow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda 75 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ilkinji medaly getirdi. 22 ýaşly türgen finala barýan ýolda Gyrgyzystandan we Siriýadan bolan garşydaşlaryny ýeňdi. Ol aýgytlaýjy tutluşykda çekeleşikli göreşde eýranly Morteza Nemati 3:4 hasabynda ýeňildi.

Bu üstünlik türkmen karate mekdebiniň Aziýa oýunlarynda yzly-yzyna gazanan ikinji üstünligidir. Mundan öň Hançžouda geçirilen Aziýa oýunlarynda Baýry Baýryýew bürünç medala mynasyp bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde, Nagoýanyň sport meýdançalarynda türkmen türgenleriniň beýleki sport görnüşleri boýunça çykyşlary dowam edýär. Uşu sporty boýunça geçirilýän ýaryşda iň gowy netijäni Merjen Joraýewa (60 kilograma çenli) görkezdi. Ol çärýek finala çenli baryp, şol tapgyrda Wýetnamyň wekili bilen geçirilen tutluşykda ýeňildi. Boks ýaryşynda türkmen türgenleriniň aglabasy deslapky tapgyrda çykyşlaryny tamamlady. Emma 25-nji sentýabrda aşa agyr agram derejesinde Döwlet Islamow öz duşuşygyny geçirer.

Ýüzmek boýunça ýaryşlarda Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Waleriýa Mirenskaýa, Dawid Akopýan we 15 ýaşly Alan Muhin dürli aralyklarda şahsy görkezijilerini gazandylar.

Agyr atletika boýunça ýaryşda gyzlaryň arasynda iki gezek dünýä çempiony Ogulşat Amanowa (53 kilograma çenli) iki görnüşiň jemi boýunça 191 kilogram netije görkezip, 13 türgeniň arasynda dokuzynjy orny eýeledi.

Ýakyn günlerde türkmen ýeňil atletikaçylary hem Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda göreşe girişerler. Olaryň hatarynda 26 ýaşly Lukman Gurbandurdyýew we tejribeli sprinter Walentina Meredowa bar.

Related posts

Muhammet Reza Nassiri Aşgabatda türgenler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy

Ýewro-2020-niň iň gowy we owadan goly saýlandy