Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin amerikan tarapynyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen ABŞ-a bardy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hytaýyň liderini howa menzilinde hut özi garşylady.
“Financial Times” gazeti Trampyň Si Szinpini Endrýus harby-howa bazasynda garşylandygyny belläp, şeýlelikde, ol 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek protokol düzgüninden çykdy. Bu bolsa Hytaýyň liderine uly hormat goýulýandygyny görkezýär.
Si Szinpiniň ABŞ-a döwlet sapary 23–25-nji sentýabr aralygynda dowam eder. Saparyň dowamynda iki ýurduň liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem dünýä parahatçylygyna we ösüşine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Tramp 13–15-nji maý aralygynda Hytaýa saparda bolupdy.
Si Szinpiniň ABŞ-a ilkinji döwlet sapary 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolupdy. Şonda HHR-iň lideri Sietl, Waşington we Nýu-Ýork şäherlerine barypdy. Nýu-Ýorkda ol BMG-niň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen birnäçe çärä gatnaşypdy.
Şondan soň Si Szinpin 2016-njy ýylda Waşingtonda geçirilen 4-nji Ýadro howpsuzlygy sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-a bardy. 2017-nji ýylda ol Floridadaky Mar-a-Lago rezidensiýasynda Tramp bilen duşuşdy. 2023-nji ýylda bolsa Si Szinpin APEK sammitine gatnaşmak üçin San-Fransisko barypdy.
