Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk edýändigini, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, bu çärelere RF-niň Prezidentiniň gatnaşmagynyň ýokary derejeli forumlara aýratyn ähmiýet berjekdigini nygtady.
Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
