DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň çäklerinde goşa raýatlyk ýagdaýlarynyň öňüni almak, Azerbaýjan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň bolmagy bilen bagly meseleler, şeýle hem iki ýurduň ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň migrasiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar tarapyndan konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekildi. Onda geçirilen pikir alyşmalaryň esasy netijeleri hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar öz beýanyny tapdy.

Related posts

Murat Kurum Stambul şäheriniň häkimi üçin dalaşgär görkezildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze Prezidenti

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Ýaponiýada tanyşdyryldy