DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa+Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşi sammiti geçiriler

Saud Arabystany Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu sammiti 19-njy iýulda Jidde şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň agzasy bolan ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryna çagylyk hatyny iberdi. Bu barada “Saudi Gazette” neşiri habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň sentýabrynda Er-Riýadda Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň birinji mejlisi geçirilipdi. Şonda 2023-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy kabul edilipdi. Onda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulypdy.

Geçen ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda Aşgabat şäherinde özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilipdi.

Aýlag ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşi – arap ýurtlarynyň sebit guramasydyr we oňa – Bahreýn, Katar, Kuweýt, BAE, Oman we Saud Arabystany agzadyr.

Related posts

Konsullyk, serhet we gümrük boýunça türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment