Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
