Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçirer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belläp geçdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden belleniljekdigini, şol gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, şeýle hem Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň açyljakdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçirjekdigini belläp geçdi.
Gahryman Arkadagymyz mundan ozal, 2021-nji we 2023-nji ýyllarda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçipdi.
