BIZNES

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralarynyň wideokonferensiýa duşuşygy

2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýüniň» direktory Serdar Kepbanow, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Waleriý Korol, şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady import-eksport işini alyp barýan kiçi we orta telekeçilik subýektlerine ýardam bermekden, iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri telekeçileriň arasynda göni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, işewürlik maglumatlaryny yzygiderli alyşmaga, bazarlaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Dokma we himiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Özara söwdanyň gerimini giňeltmekde hem-de sebitde söwda ugurlaryny ösdürmek üçin Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda ulag-logistika gatnaşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar, şeýle hem ygtybarly işewür hyzmatdaşlary tapmaga mundan beýläk-de ýardam bermek we telekeçileriň arasynda B2B görnüşinde göni duşuşyklary geçirmek baradaky pikirleri beýan etdiler.

Wideokonferensiýanyň çäklerinde türkmen we ukrain işewürliginiň wekilleri öz alyp barýan işleri barada maglumat berdiler we anyk işewürlik tekliplerini hödürlediler.

Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi bermäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Related posts

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Türkmenistanda diş çotgalary öndürilip başlandy

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýlanddaky foruma gatnaşdy