Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyran daşary ýurt saparlary atçylyk diplomatiýasynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.
Fewral aýynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Florida ştatynyň Wellington şäherinde ýerleşýän dünýä belli «Wellington International» atçylyk toplumynyň hem-de «Wellington Equestrian Center» atçylyk we athanalar toplumynyň iş tejribesi öwrenildi. Hünärmenler bu ýerde dünýä derejesindäki atçylyk ýaryşlaryny guramagyň döwrebap usullary, sport bäsleşiklerini dolandyrmagyň tehniki aýratynlyklary we meýdançalaryň halkara ülňülerine laýyklykda taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda we gymmatly maslahatlary esasynda häzirki zaman atçylyk ylmynyň we tehnologiýasynyň iň kämil nusgalary, athanalaryň gurluşyk aýratynlyklary hem-de bedewleri saklamagyň dünýä ülňüleri barada gymmatly tejribe toplanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen öwrenilen bu döwrebap tejribeler we innowasion tehnologiýalar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň okuw-ylmy işlerini täze derejä çykarmaga, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmäge uly itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň mart aýynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp görmegi iki ýurduň arasynda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işlere täze itergi berdi. Hytaý tarapynyň wekilleri Milli Liderimizi we ýurdumyzyň wekiliýetini toplum we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Milli Liderimiziň bu ýerde idedilýän ahalteke atlaryny synlamagy, toplumyň hünärmenleriniň Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däpleri we usullary bilen utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellemekleri türkmeniň milli seýisçilik sungatynyň halkara ykrarnamasydyr. Toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan ahalteke bedewiniň dünýä medeni mirasynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýän sungat eserleriniň sergisi bilen tanyşlykdan soň, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Şol duşuşykda türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlara uly orun degişlidigini möhüm maglumatlaryň doly tassyklaýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna maý aýynda amala aşyran saparynyň çäklerinde Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde hünärmenler hormatly Arkadagymyzy Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary we döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Milli Liderimiz hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna Kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşa maşgalasynyň ýörite çakylygy boýunça maý aýynda bu ýurda amala aşyran saparynyň barşynda dünýäniň iň abraýly we gadymy atçylyk dabaralarynyň biri hasaplanýan «Royal Windsor Horse Show 2026» atly çärelerine gatnaşdy. Saparyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward hem-de onuň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen geçiren duşuşyklary we ýokary derejeli gepleşikleri iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze bir sahypany açdy.
Halkara senenamasynda nobatdaky möhüm tapgyr türkmen atşynaslarynyň Ýewropada geçiriljek ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagy bolar. 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäheriniň «Peelbergen» atçylyk-sport toplumynda atly sport bäsleşikleri bilen utgaşykly geçiriler. Giň gerimli çäräni guraýjylar hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Ýewropa yklymynda behişdi bedewlerimiziň şanyna tutuljak tutumly toý, halkymyzyň göz guwanjy hem milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterer.
