BILIM

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS» kompaniýasy ähtnama gol çekdi

2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Bin Ismailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda Malaýziýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şu günki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi.

Türkmenistanyň üç sany ýokary okuw mekdebi bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalyşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça üç sany ylalaşyga gol çekilendigi bellenildi.

Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas» kompaniýasynyň hem-de onuň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň netijeleri barada hem aýdyldy. Hereket edýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde hünär bilimlerini ýokarlandyryş okuwlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Duşuşygyň esasy wakalarynyň biri «Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmek dabarasy boldy. Bu şanly waka Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi.

Ähtnama gol çekilmegi bilim we hünär taýýarlygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, täze bilelikdäki başlangyçlaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm şert döreder.

Related posts

“Açyk gapylar”: Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary halkara bäsleşiklerde 265 medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ata Watan Eserleri