DÜNÝÄ

Yssy howa Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 6 milliard dollar zyýan ýetirip biler

2026-njy ýylda Beýik Britaniýada adatdan daşary yssy howa önümçiligiň möçberiniň azalmagy sebäpli ýurduň ykdysadyýetine 4,4 milliard funt sterling (takmynan 6 milliard ABŞ dollary) möçberinde zyýan ýetirip biler. Bu barada «The Guardian» neşiri «Verdant» seljeriş merkezine salgylanyp habar berýär.

«Verdant» merkeziniň direktory Jeýms Midueý howanyň üýtgemegi bilen bagly ykdysady ýitgileriň eýýäm duýulýandygyny, geljekde bolsa ýagdaýyň has-da ýaramazlaşjakdygyny aýtdy. «Verdant» merkeziniň çaklamalaryna görä, yssy howaly döwürleriň ýygylaşmagy ýagdaýynda 2030-njy ýyla çenli ýyllyk ykdysady ýitgiler 25 milliard funt sterlingden (33,7 milliard ABŞ dollaryndan) hem geçip biler.

Merkeziň hasaplamalarynda tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin çykdajylar, şeýle hem wentilýatorlaryň we kondisionerleriň ulanylmagy sebäpli elektrik energiýasynyň goşmaça sarp edilmegi ýaly gytaklaýyn ýitgiler göz öňünde tutulmandyr.

2026-njy ýylda Birleşen Patyşalykda howanyň temperaturasynyň 30 gradusdan ýokary bolan 35 güni hasaba alyndy. Meteroglaryň çaklamalaryna görä, şu hepde ýurtda yssy howanyň täze tolkunyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy 35 derejä golaýlap, hepdäniň ahyryna çenli bolsa 40 dereje ýetip biler.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi

Türkiýe Garaşsyzlyk gününiň 100 ýyllygyny belleýär