DÜNÝÄ

Emomali Rahmon Merkezi Aziýada iri nebit gaýtadan işleýän zawody gurmagy teklip etdi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýada iri nebit gaýtadan işleýän zawody gurmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Ol bu başlangyjy Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda öňe sürdi.

Rahmonyň bellemegine görä, energetika howpsuzlygy sebitiň durnukly ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup durýar we bu ugurda bilelikdäki çözgütleri talap edýär.

«Sebitde iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen iri nebit gaýtadan işleýän zawody gurmak meselesini degişli edaralarymyza içgin öwrenmegi tabşyrmagy teklip edýärin. Şol bir wagtyň özünde, elbetde, ilki bilen sebit ýurtlarynyň möhüm nebit önümlerine bolan içerki islegleri göz öňünde tutulmalydyr», — diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Süýjülik torty barada maglumat

Dünýäde iň uly ýahta ýasalýar

vepa