BILIM

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanyň bilim ulgamy adamyň bilimini, ukybyny, medeniýet we ahlak derejesini ösdürmek üçin ähli şertleri üpjün edýär. Hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesindäki iki basgançakly ulgamyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdebinden soňky bilimi almak üçin mümkinçilikler giňeldilýär.

Şunuň bilen baglylykda, magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary açylýar.

8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak hem-de institutyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekendigini nygtamak gerek. Resminama laýyklykda, täze döredilýän kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrler bilim alarlar.

Täze hünär ugurlarynyň her biri Watanymyzy ösdürmegiň strategik maksatnamalary bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi

Türkmen ýaşlary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandy