BILIM

«Talyp gözeli-2025» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

5-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň  Bilim Ministrligi, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli—2025» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp gyzlaryň ençemesi gatnaşdy. Talyp gyzlaryň işbaşarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ökdeler öňe saýlandy.

Netijede, emin agzalarynyň beren bahasyna laýyklykda, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp bolup «Talyp gözeli—2025» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Baýrakly orunlara eýe bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

Ylmy-intellektual onlaýn bäsleşik geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyby Belarusyň wise-çempiony

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri