JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

“Ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnama ýurdumyzyň BMG bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn ornuna ýokary baha berýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek meselelerine dünýä bileleşigi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada degişli başlangyçlary öňe sürendigini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan tahýa taýýarlamagyň sungatyny ÝUNESKO hödürledi

Ispaniýa – çempion

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer