Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün işleriňizde we döredijilik ugrunda täze belentliklere ýetmek üçin amatly pursat. Täze başlangyçlar garaşylmadyk wagtda  üstünlik getirer. Şeýle meh maliýe ýagdaýyňyzy durnuklaşdyrmak üçin edýän tagallalaryňyz öz miwesini berer. Günüň ikinji ýarymynda  ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmage  bagyşlaň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sabyrlylyk we zähmetsöýerlik bu gün siziň esasy ýardamçyňyz  bolar. Iş ýeriňizde jogapkärçilikli çemeleşmeleriňiz  ýolbaşçylaryň ünsüni çeker. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin açyk gepleşikler peýdaly bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün biraz dartgynly geçse-de, örän gyzykly bolar. Ilki bilen öz duýgularyňyzy dolandyrmaga çalşyň. Aragatnaşyk etmek we täze maglumatlary özleşdirmek üçin örän oňaýly gün. Şeýle hem bu gün duşuşyklar we gepleşikler üstünlikli geçer. Döredijilik ukybyňyzy ýüze çykarmak üçin mümkinçilikleri elden gidirmäň. Duýgularyňyza däl-de  akyl-paýhasa bil baglaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Öý we maşgala meselleri üns merkezinde bolar. Öýde amatlygy döretmek we ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek ruhubelentlik berer. Işde bolsa asuda we ädimler bilen hereket etmek maslahat berilýär. Maliýe meselelerinde seresap boluň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün  liderlik ukybyňyzy görkezmek üçin ajaýyp pursat. Toparlaýyn işlerde we taslamalarda öňbaşçylygy ele alyp bilersiňiz. Şowly tötänlikler we täze tanyşlyklar durmuşyňyza oňaýly täsir eder.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Taraplar arasynda deňagramlylygy saklamak we jedelleri çözmek bu günüň esasy şygary bolar. Işewürlik gatnaşyklarynda diplomatiýa uly peýda getirer. Şeýle hem bu gün  döredijilik işleri bilen meşgullanmak we lezzet almak üçin wagt tapyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Içki duýgyňyz bu gün sizi ýalňyşlyklardan gorar. Möhüm kararlary kabul etmekde howlukmaň hemme zady ölçerip görüň. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak boýunça täze pikirler ýüze çykyp biler.Bu wagt dine  özüňize we güýjüňüze ynanlyň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Täze açyşlar, syýahatlar we bilim almak üçin ajaýyp gün. Täze pikirler bilen ruhlanarsyňyz. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýa-da tanyşlar bilen gatnaşyklary berkitmek üçin amatly pursat. Günüň ikinji ýarymynda ýaramaz pikirlerden daşda duruň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Karýera ösüşi we maksatlaryňyza  ýetmek ugrunda möhüm ädimler ädilip bilersiňiz. Zähmetiňiz ýolbaşçylar tarapyndan ýokary baha zähmet çekilip, sylaglanmagy mümkin. Professional derejäňizi ýokarlandyrmak üçin okap-öwrenmäge wagt sarp ediň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Täzeçillik we özboluşly pikirler bu gün ýokary bahalandyrylar. Dostlaryňyz bilen duşuşmak, pikir alyşmak täze ylham berer. Garaşylmadyk ýagdaýlara çeýe çemeleşmek arkaly ähli kynçylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçersiňiz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Duýgurlygyňyzyň we intuitsiýaňyzyň has hem güýçlenjek güni. Döredijilik we sungat bilen meşgullanmak ruhy taýdan rahatlyk berer. Ýakyn adamyňyza üns bermek, goldaw gostermek gatnaşyklary has-da berkider. Saglygyňyza dynç alyş berip bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün täze pikirlere we döredijilik taslamalaryna başlamak üçin amatly pursat. Ýakynlaryňyz bilen boljak söhbetdeşlikler size  ruhy taýdan uly goldaw berer. Ýöne başgalaryň meselelerini özüňize gereginden artyk ýük edinmekden saklanyň.Iş ýeriňizde toparlaýyn işlerde öz pikirleriňizi aýdyň beýan etmäge çalşyň. Pikirleriňiz ýolbaşçylaryň we kärdeşleriňiziň ünsüni çeker.Maliýe meselelerinde gyssagly çözgütler almazlyk maslahat berilýär.

Hormatly okyjylarymyz!