JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy Mohamed Bager Galibah bilen duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýlek-de ösdürilmeginde möhüm ahmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyny döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde görkezip, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini işjeňleşdirmegiň, hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.

 

Related posts

Uçarda ýokary tizlikli internet

Ata Watan Eserleri

Dünýäde Eneler günine taýýarlyk artýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryny görkezer