JEMGYÝET

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryny görkezer

Ertir futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan hem-de 4 ýylda bir gezke geçirilýän futbol baýramçylygy bolan futbol boýunça dünýä çempionaty badalga alýar. Çempionatyň futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek her bir futbol janköýeriniň esasy arzuwydyr.

Türkmenistan döwletimizde hem futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna tomaşa etmek mümkinçiligi döredilýär.

“Türkmenistan: Sport” teleýaýlymy 2026-njy ýyldaky FIFA Dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer.

Bu taryhdaky iň uly dünýä çempionatydyr we ol ertir başlaýar! Ilkinji gezek dünýäniň iň gowy 48 döwleti esasy kubok ugrunda bäsleşer.

Türkmenistan döwletimiziň milli sport teleýaýlymynda ähli 104 duşuşygy göni ýaýlymda görüp bilersiňiz.

Janköýerlerimiz üçin ähli şertleri döreden türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirýäris!

Related posts

Milli Liderimiz: «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerur

Türkmenistandaky eýranlylar prezident saýlawlarynyň 2-nji tapgyry üçin ses berdiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar