Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm tapgyr bolup, doganlyk döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.
Iki tarapyň arasynda gol çekilen 12 sany resminama hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýar. Olar energetika, senagat, azyk howpsuzlygy, saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport we maliýe ulgamy ýaly ugurlaryna degişlidir. Döwlet Baştutanlarynyň gol çeken Bilelikdäki beýannamasy aýratyn ähmiýete eýe bolup, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Bu barada AZERTAJ agentligine Günorta ýurtlarynyň Hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň Platformasynyň agzasy, CAREC Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow gürrüň berdi.
Ol Türkmenistana «Dostluk» atly nebit tankeriniň sowgat berilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Onuň aýtmagyna görä: «Gäminiň “Dostluk” diýlip atlandyrylmagy çuň manylydyr. Bu at Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara hormata, ynama we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň häsiýetini doly beýan edýär».
Mergen Kepbanow şeýle hem şu günki günde iki ýurduň energetika, ulag-logistika, söwda hem-de durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belledi.
«Hazar deňzi diňe bir hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi bolman, eýsem Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň iň möhüm köprüleriniň birine öwrülýär. Ekologiýa, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda bilelikdäki tagallalar aýratyn orun eýeleýär. Bu meseleler tutuş Hazar sebitiniň hem-de Merkezi Aziýanyň geljegi üçin uly ähmiýete eýedir», — diýip ol nygtady.
Mergen Kepbanow iki ýurduň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän, sebitde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga hyzmat edýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirilendigini görkezendigini aýtdy.
Onuň bellemegine görä, geçirilen döwlet saparynyň netijeleri türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna täze itergi berer hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy köp ýyllaryň dowamynda has-da ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açar.
