BIZNES

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe giriziler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

Häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň Türkmenistanda öndürilmegine we içerki bazarlary üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär