JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz pudagy Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugry

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Duşuşyklara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Gepleşikleri dowamynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň toplumyna seredildi.

Ilki bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi garşylamak dabarasy guraldy. Soňra hormatly Prezidentimiz bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri ikiçäk duşuşdylar.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra gepleşikler giňeldilen düzümde geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşykda çykyş eden hormatly Prezidentimiz Malaýziýa bilen gatnaşyklarda dürli ugurlarda amala aşyrylan işler hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada durup geçdi.

– Nebitgaz pudagy Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. Malýaziýanyň “Petronas” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biz bu gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu saparyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklara ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açar. “Petronas” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde täze uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegi, gözleg-buraw işlerini ýerine ýetirer – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ahal welaýatyna iş sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Prezidenti: Azerbaýjanyň C5 formatyna goşulmagy Aziýa we Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açýar

23-nji aprel Bütindünýä kitap güni