JEMGYÝET

Türkmenistan Bruneý-Darussalama ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Bruneý-Darussalam Döwletine ilçi belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellendi.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda, Türkmenistan Maldiwler Respublikasyna hem ilçi belläpdi.

Related posts

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistan’da Nevruz Coşkusu Yaşandı

vepa

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary