JEMGYÝET

Türkmenistan “Petronas” bilen Hazar deňzindäki toplumlary özleşdirmek boýunça şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli  durmşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlaryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksay bilen degişli Karara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “Petronas Çarigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň hem-de konserniň “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Taryhda şu gün – 22-nji sentýabr

Ata Watan Eserleri

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat

vepa