SPORT

Dünýä çempionaty: ABŞ-nyň ýygyndysy rekord bilen başlady

Futbol boýunça dünýä çempionaty gyzykly duşuşyklary bilen dowam edýär. Çempionatyň ikinji gününde ýer eýelerinden ABŞ-nyň milli ýygyndysy Paragwaýyň ýygyndysy 4:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.

Bu üstünlik ABŞ-nyň milli ýygyndysyna nobatdaky rekordy getirdi. Argentinaly tälimçi Maurisio Poçettinonyň tälim berýän ABŞ-nyň topary bir duşuşykda 4 gol geçirmek bilen rekord goýdy. Mundan ozal, şeýle ýeňiş gazanyp görmändi.

Bu duşuşyk çempionatyň iň gymmat stadionynda oýnaldy. 5.5 milliard dollarlyk “Sou-Faý” stadiony 70 müň orunlyk bolup, ol Los-Anželesde ýerleşýär.

Duşuşyga tomaşa etmek üçin Golliwudyň meşhur aktýorlary Tom Kruz, Leonardo Dikaprio hem-de beýlekiler hem gelipdirler. Şeýle hem duşuşygy ABŞ-nyň döwlet sekretary Makro Rubio hem-de FIFA-nyň prezidenti Janni Infantoni hem tomaşa etdi.

Şeýle hem Bosniýa we Gersogowiniýa bilen Kanadanyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Related posts

Gilýermo Abaskal şertnamasynyň möhletini uzaltdy

“Liwerpul” – Angliýanyň FA Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy