DÜNÝÄ

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Denizli şäheriniň Söwda-senagat edaralary we haryt biržalary birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan işewürlik forumy guraldy.

Çäre türkiýeli kompaniýalaryň 100-den gowrak ýolbaşçylaryny we döwlete degişli däl pudagyň wekillerini bir ýere jemledi. Forumyň maksady türk işewürlik jemgyýetçiliginiň wekillerini Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek maksady bilen, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynam ýörelgeleri esasynda halkara söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkärli we hemmetaraplaýyn syýasat alyp barýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň hususy pudagyň ösdürilmegini we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini işjeň goldaýandygy, işewürlik üçin giň gerimli ýeňillikleri hem-de amatly şertleri döredýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa we ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmaga ygrarlydygy bellenildi.

Işewürlik forumynyň dowamynda gatnaşyjylar türk maýa goýumlaryny çekmegiň geljegi uly ugurlary, şol sanda nebitgaz, himiýa senagaty, agrosenagat toplumy, ulag-logistika ulgamy, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary barada pikir alyşdylar.

Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär