JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler geljekki iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň taýýarlygy we geçirilmegi bilen bagly meselelerine, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar