Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Gün size diňe bir synaglary däl, eýsem şatlykly pursatlary hem wada berýär. Pozitiw meylleriň täsiri aýratyn-da iş durmuşyňyzda aýdyň duýular. Bu gün siz uly öňegidişlikler gazanyp  bilersiňiz.

Emma Hamal ýyldyzlarynyň  hemme wekilleri bu gün töwerekdäki adamlaryň garaşyşy ýaly hereket etmezler  bu bolsa iş ýerinde düşünişmezliklere getirip biler. Ýolbaşçylar bilen gapma-garşylyga girmekden gaça duruň  sabyrlylyk we parasatlylyk ýakyn gelejekde wezipede ýokarlanmagyňyzyň esasy açary bolar.Maddy taýdan garaşylmadyk we şowly ýeňişler, täze pul akymlary ähtimaldyr. Günüň ikinji ýarymynda  şahsy gatnaşyklarda hem durnuklylyk we mähirlilik höküm sürer.Şeýle hem   ýakynlaryňyzyň göwnüne degip biljek ýiti sözleri aýtmakdan saklanyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün siz gapma-garşylyklardan näçe gaça durmaga çalyşsaňyz hem  jedelli pursatlar öz-özünden adatdakysyndan has ýygy ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý hem işewürlikde  hem-de maşgala gurşawynda duýular. Hatda iň asuda ýönekeýje bellikleriňiz hem töwerekdäki adamlarda garşylyk döredip  öňe sürýän teklipleriňiz şübheli  garşylanyp biler. Şeýle pursatlarda  asudalgy saklamagy çalyşyň. Unutmaň hemmeler siziň haklydygyňyzy şol pursatda ykrar etmäge taýyn däl bolup bilerler. Birneme wagt geçensoň hakykat öz ýerine düşer häzirlikçe bolsa diňe sabyrlylyk bilen garaşmagy başarmaly.Işewür gepleşikler garaşyşyňyzdan has dartgynly  geçip biler. Emma Sowur ýyldyzlarynyň  käbir wekilleri özlerine täsirli we güýçli hossarlaryň  kömegini gazanyp bilerler. Maddi taýdan bolsa  az-kem pul akymlaryna garaşylýar. Gelen girdeji ilki başda garaşanyňyzdan az bolup, göwnüňizi birneme çökürip biler. Emma tiz wagtdan soň  elinizdäki bar bolan serişdeleri iň bähbitli we dogry usulda nädip ulanmalydygynyň ajaýyp ýoluny taparsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün aňsat gazanyljak uly ýeňişlere garaşmak ýerine  hatda ujypsyzja netijeler üçin hem düýpli zähmet çekmeli bolarsyňyz. Bu ýagdaý ilki başda ruhy galkynyş bermedik ýaly görünse-de ruhdan düşmäge esas ýok. Häzirkiçe  günüň dowamynda käbir  meseleleriň ýüze çykymlygy ähtimal emma siz olary çözgüdini tapmagy başararsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda Jöwzalaryň käbir wekillerine  töwekgelçiliklerden gaça durmak maslahat berilýär.Maliýe meselesinde  aýratyn-da karz serişdelerine ýa-da kredite daýanyp uly göwrümli söwdalary amala aşyrmak maslahat berilmeýär.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu günki şertler işjeňligi we düýpli zähmeti talap edýär. Ilkinji nobatda amala aşyrylmaly ädim  anyk hereket meýilnamasyny düzmek we ähli ikirjiňlenmeleri bir tarapa galdyrmakdyr. Eger siz ugry dogry kesgitlemän bir wagtda birnäçe meseläni çözmäge synanyşsaňyz güýç-gudratyňyzy netijesiz sowurmaly bolarsyňyz. Mundan başga-da ünsüňiziň sowulmagy sebäpli  döräp biljek bähbitli we gyzykly mümkinçilikleri gözden çykarmak töwekgelçiligi bar. Diňe anyk maglumatlar  size üstünlik getirer.Şeýle hem şahsy durmuşyňyz  pozitiw özgerişler we emosional durnuklylyk peýda bolar. Maşgala gatnaşyklarynda bolsa mähirlilik we söýgi  has-da artar. Ýakyn ynsanyňyza üns bermek gatnaşyklary täze derejä çykarar.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Täze tanyşlaryň tarapyndan garaşylmadyk goldawyň hödürlenmegi ahmaldyr. Emma bu ýagdaýda seresaplylyk esasy şertdir  sebäbi berilýän kömegiň hemişe bähbitsiz bolmazlygy mümkin.Hyzmatdaşlygyň ähli şertlerini we taraplaryň jogapkärçiliklerini öňünden anyk kesgitlemek maslahat berilýär. Bu çemeleşme gelejekde sizden has agyr şertli we jogapkärli yza gaýtaryş hyzmatlarynyň talap edilmeginiň öňüni alar.Maliýe taýdan bu gün örän amatly we netijeli şertleri wada berýär. Öňki berlen karzlaryň yzyna gaýtarylmagy ýa-da ozal ýerine ýetirilen işleriň haklarynyň tölenmegi gaty ähtimaldyr. Mundan başga-da, bu döwür mirasa eýe bolmak, emläk paýlanyşygy hem-de döwlet tarapyndan berilýän dürli durmuş töleglerini resmileşdirmek ýaly hukuk resminamalary bilen işleşmek üçin amatly wagt hasaplanýar.Günüň ikinji ýarymynda romantik pursatlar we emosional taýdan dynç almak üçin oňaýly şertleri döreder. Ýanýoldaşyňyz  bilen ýeke galmak we ikitaraplaýyn möhüm bolan meseleleri maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik dörär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu günki şertler Sünbüle ýyldyzlaryndan adaty bolşy ýaly ýokary takyklygy, ümsümligi we analitik pikirlenmegi talap edýär. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin gyssagly kararlardan gaça durup ilki bilen maglumatlary jikme-jik seljermek maslahat berilýär. Günüň dowamynda käbir garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykyp bilse-de, siziň garaýşyňyz we ownuk detalara çenli üns berip bilmek ukybyňyz islendik  meseläniň  çözgüdini tapmaga ýol açar.Maliýe meselelerinde  bolsa  seresaplylyk talap edilýär. Bu döwür gysga wagtlyk we duýguly söwdalary amala aşyrmak üçin amatly däl bolup, şahsy býujeti berkitmäge we geljekki çykdajylary gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem maliýe resminamalary şertnamalar we uzak möhletli ylalaşyklar bilen işleşilende örän ünsli bolmak zerurdyr. Ozal ýerine ýetirilen işleriň maliýe netijesini görmek ýa-da gijikdirilen käbir pul akymlarynyň gelip gowuşmagy gaty ähtimaldyr.Şahsy durmuşyňyzda we maşgala gurşawynda durnukly hem-de asuda atmosfera emele geler. Ýakyn adamlarňyz bilen bolan gatnaşyklarda tankydy garaýyşlardan we aşa talapgärlikden saklanmak  esasy şertidir. Günüň ikinji ýarymy ýanýoldaşyňyz bilen gelejekki meýilnamalary we durmuşyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleri döreder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüň dowamynda nähili  meseleler ýüze çyksa-da olaryň çözgüdinde ýeke galmajagyňyza ynamyňyz doly bolmalydyr. Häzirki wagt päsgelçilikleriň hötdesinden gelmekde ygtybarly hossarlaryň hyzmatdaşlaryň ýanyňyzda bolmagy size üstünlikleri getirer.Bu ýyldyzlaryň  käbir wekillerine kömek sorap ýüz tutmak hem gerek bolmaz sebäbi hünärmenleriň we goldawçylaryň özleri garaşylmadyk ýerden kömek başlangyçlary bilen çykyş ederler.Häzirki şertler işewür gepleşikleri geçirmek potensial iş berijiler we strategik hyzmatdaşlar bilen duşuşmak üçin örän amatly döwürdir. Şeýle hem bu wagt  özüňizi görkezmek we abraýyňyzy berkitmek üçin bu pursatdan netijeli peýdalanmak maslahat berilýär.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu günki şertlerde islendik başlangyçda we ädimde seresaplylygy saklamak esasy talaplaryň biridir. Siz öz taslamalaryňyzyň we batyrgaý meýilnamalaryňyzyň şowly boljakdygyna näçe ynamly bolsaňyz hem, wakalaryň garaşylmadyk ugurlarda ösmek ähtimallygyny göz öňünde tutup, ätiýaçlyk meýilnamasyny düzüň. Karar kabul etmezden öň gowy pikirlenmek maslahat berilýär.Iş durmuşynda we professional ugurlarda ýokary ünslülügi görkezmek maslahat berilýär. Täze wezipeler ýa-da hünärmenler arasynda  dörejek ilkinji wakalar sizi ýalňyşdyryp biler. Şonuň üçin maglumatlary doly seljermän  anyk kepillikleri bermekden we agyr borçnamalary öz boýnuňyza almakdan saklanyň.Günüň ikinji ýarymynda  maşgala gatnaşyklarda emosional durnuklylygy we sabyrlylygy saklamak zerurdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Günüň dowamynda aşa uly şowlulyklara ýa-da aňsat ýeňişlere garaşylmasa-da wakalaryň ösüşi doly meýilnama boýunça durnukly bolar. Käbir ujypsyzja kynçylyklaryň ýüze çykmagy ahmaldyr emma olar sizi aljyratmaz we takyk çemeleşmäňiz durnuklylyk netijesini  görkezer.Iş ýeriňizde käbir durnuksyz   ýagdaýlaryň ýüze çykmak ähtimallygy bar. Şeýle pursatlarda şahsy sowukganlylygy saklamak başgalaryň gapma-garşylyklaryna gatyşmazlyk we özüňize göni degişli bolmadyk wakalara emosional reaksiýa görkezmezlik diýseň wajypdyr. Töwerekde näbellilik we bulama-bujarlyk höküm sürse-de siziň asudalgyňyz we işe bolan takyklygyňyz tertip-düzgüni ýola goýmaga kömek eder. Siziň bu professional häsiýetiňiz gelejekde ygtybarly hyzmatdaş bolar ýaly täsirli adamlaryň ünsüni çeker we tiz wagta olardan  bähbitli teklipleriň gelip gowuşmagyna ýol açar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň gidişi we umumy netijeliligi köp babatda siziň şahsy garaýşyňyza hem-de emosional ýagdaýyňyza bagly bolar. Bolup geçýän wakalaryň diňe oňyn we peýdaly taraplaryny görmäge çalyşyň. Bu usul size netijesiz aladalardan daşda durmaga  kömek eder. Şeýle-de gurşawyňyzdaky adamlar hem bu gün möhüm rol oýynarlar. Sizi goldamaga we ruhlandyrmaga çalyşýan ynsanlar bilen aragatnaşykda bolmak päsgelçilikleri ýenip geçmegi has-da ýeňilleşdirer. Günüň ikinji ýarymynda çagalyk we ýaşlyk dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmak pikir alyşmak üçin örän amatly gündür. Emma bu gün ilkinji gezek duşuşýan we nätanyş adamlaryňyz bilen gatnaşyklarda ýokary seresaplylygy saklamak maslahat berilýär. Sizi nägilelige ýa-da nädogry maglumatlar arkaly ýalňyşlyga gönükdirmek töwekgelçilikleriniň bardygyny unutmaň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu günüň getirjek ilkinji wakalary başda  ujypsyzja bolup görünmegi mümkin. Emma hut şol wakalar sizi düýpli oýlanmalara sezewar eder, adaty zatlara täzeçe garamaga we bähbitli mümkinçilikleri görmäge ýardam eder. Durmuşyňyzda nämäni üýtgetmek isleýändigiňize anyk göz ýetirip şol ugurda ilkinji seresaply we ynamly ädimleri ätmegiňiz gaty ähtimaldyr.Şeýle hem ýakyn adamlaryňyz  bilen aragatnaşykda käbir dartgynly pursatlaryň  ownuk meseleler sebäpli düşünişmezlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy bar. Şeýle ýagdaýlary gysga möhletde kadalaşdyrmaga çalyşyň. Häzirki şertlerde bolup geçýän wakalary çişirmezlik we ownuk-uşak zatlara aşa üns bermezlik örän wajypdyr. Siziň ýagdaýlara çeýe we degişme duýgusy bilen çemeleşmek ukybyňyz, adatça islendik meseläni  ýiti reaksiýa görkezýän adamlary hem pozitiw ugra gönükdirmäge ýardam eder. Bu bolsa gurşawyňyzdaky gatnaşyklaryň has-da berkemegine oňyn täsirini ýetirer.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün içki sesiňiz intuisiýaňyz  örän güýçli bolar. Daş-töwregiňizdäki adamlaryň niýetlerini we duýgularyny aňsatlyk bilen duýup  bilersiňiz. Şonuň üçin möhüm meselelerde ýiçki sesiňize  gulak asyň.Iş , okuw  ýa-da taslamalar  ýazuw-pozuw işlerinde täze, üýtgeşik pikirler dörär. Eger žurnalistika terjimeçilik ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan bolsaňyz uly ylham alarsyňyz. Ýöne resminamalar we ownuk detallar bilen işleşeniňizde has ünsli boluň.Şeýle hem ýakynlaryňyz we maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşykda ýylylyk we düşünişmek agdyklyk eder. Sizi diňlejek we goldajak adamlar bilen wagt geçirmek maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda ýakymly söhbetdeşlikler garaşýar.

Hormatly okyjylarymyz!