Aşgabatda geçirilen XXV Halkara “Ak şäherim Aşgabat-2026” sergisi we maslahatynda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow ýurdunyň şähergurluşyk, binagärlik, durnukly ösüş ugurlarynda amala aşyrýan taslamalary we WUF13 çäresi barada çykyş etdi.
Ilçi öz çykyşynda Azerbaýjanyň şähergurluşyk we binagärlik däpleriniň köp asyrlyk baý taryha eýedigini aýtdy. Şeýle-de ol, Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Azerbaýjan şäherleriniň taryhy taýdan möhüm söwda, senetçilik we medeni merkezler hökmünde kemala gelendigini belledi. Azerbaýjan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýär we hemişe Gündogaryň Günbatar bilen birleşýän mekany bolupdyr. Azerbaýjan binagärligi bolsa Gündogar we Günbatar däpleriniň utgaşygyny özünde jemleýär.
Gismat Gozalow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliyewiň gol çekilen Permanyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň ýurtda “Şähergurluşyk we binagärlik ýyly” diýlip yglan edilendigini aýtdy. Şeýle-de ilçi soňky ýyllarda Bakunyň COP29 we Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisi (WUF13) ýaly abraýly halkara çärelerini guramagynyň Azerbaýjanyň global platformalarda işjeň rol oýnaýandygyny, şäherleşme babatda hyzmatdaşlyga goşant goşýandygyny we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny görkezýändigini nygtady.

Şeýle hem, çykyşda häzirki döwürde şähergurluşyk meseleleriniň şäherleşme, howanyň üýtgemegi, durmuş inklýuziwlik, ulag ulgamlary we sanly dolandyryş bilen gönüden-göni baglanyşykly çylşyrymly ugurlaryň biri bolup çykyş edýändigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara platformalarda geçirilýän pikir alyşmalar şäherleriň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemek, durnukly çözgütleri öňe sürmek we dürli ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek üçin möhüm mümkinçilik döredýär. Şu nukdaýnazardan, Bakuwda geçirilen WUF13 çäresi şäherleriň geljegi bilen bagly global pikir alyşmalar üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi.
Ilçi WUF13 çäginde çalt şäherleşmäniň şäherlere, howa şertlerine, ykdysadyýetlere we dolandyryş proseslerine ýetirýän täsirleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, has howpsuz, durnukly we inklýuziw şäherleri gurmak üçin innowasion çözgütleriň hödürlenendigini aýtdy.
Gismat Gozalow forumyň çäginde ilkinji gezek Bakuda Liderleriň Sammitiniň geçirilendigini we onuň şäherleriň geljegi boýunça strategik ileri tutulýan ugurlary kesgitlemekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Gismat Gozalow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň WUF13-e gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle hem WUF13 çäginde guralan “Urban Expo” sergisindäki milli pawilýonlaryň arasynda “Smart city-smart future” atly Türkmenistanyň pawilýonynyň hem ýerleşdirilendigini we onda ýurduň şähergurluşyk, durnukly ösüş hem-de häzirki zaman şäherleşme boýunça çemeleşmeleriniň görkezilendigini aýtdy.
Şeýle-de ilçi çykyşynda Azerbaýjanda, şol sanda Garabagda alnyp barylýan dikeldiş, şähergurluşyk we täzeden gurmak işleri barada hem durup geçip, ýurtda häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri, durnukly ösüş çemeleşmeleri, “akylly şäher” we “akylly oba” konsepsiýalary esasynda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Gismat Gozalow bu taslamalaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly infrastruktura ösdürmek, ulag dolandyryşyny kämilleşdirmek, kommunal we energetika ulgamlaryny integrasiýa etmek, ekologik monitoring ulgamlaryny ornaşdyrmak we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyny nygtady. Garabagda alnyp barylýan dikeldiş we täzeden gurmak işleri Azerbaýjanyň häzirki zaman şähergurluşyk çemeleşmesiniň amaly nusgasy hökmünde görkezildi.
Ilçi Garabagda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk taslamalarynyň ýaşaýyş ýerleriniň häzirki zaman, durnukly we amatly durmuş gurşawyna öwrülmegine hyzmat edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, ilçi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň şähergurluşyk pudagynda amala aşyrýan taslamalarynyň döwrebaplaşma we durnukly ösüş ýolunda möhüm ädimlerdigini aýtdy. Şeýle-de bu taslamalaryň iki ýurduň hem häzirki zaman ösüş gün tertibinde şäherlere aýratyn orun berýändigini görkezýändigi nygtaldy.
Şeýle hem Gismat Gozalow Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň “akylly şäher” konsepsiýasy esasynda gurlandygyny, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan durnukly şäher modeli hökmünde kemala gelendigini aýtdy.
