SPORT

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

Saud Arabistanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo “Forbes” žurnalynyň görkezijilerine görä dünýäniň iň ýokary hak tölenilýän türgenleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu reýting neşiriň resmi saýtynda çap edildi.

“Forbes”-uň maglumatlaryna görä, Ronaldonyň bir ýyllyk umumy girdejisi 300 million ABŞ dollaryna ýetdi we bu görkeziji reýtingiň bütin taryhynda rekord dereje boldy. Ikinji ýeri 170 million dollar girdeji bilen meksikaly boksçy Saul Alwares eýeledi. Üçünji ýere bolsa 140 million dollar gazanan Amerikanyň “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi.

Ronaldo 41 ýaşynda bolup, 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri “Al-Nasr” toparynda oýnaýar. Ol öz karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň “Sporting”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted”, Italiýanyň “Ýuwentus” we Ispaniýanyň “Real Madrid” ýaly meşhur klublarynda hem çykyş edipdi.

Ronaldo şu ýyl ilkinji gezek Saud Arabystanyda çempion bolmak bagtyna eýe boldy.

Ýene-de okaň

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri