SPORT

Ramosyň rekordy

UEFA-nyň milletler ligasynyň 2-nji tapgyrynda Ispaniýanyň milli futbol ýygyndysy bilen Ukrainanyň milli futbol ýygyndylary duşuşdylar. Duşuşyk Serhiýo Ramosyň we Ansu Fatiniň hem-de Ferran Torresiň gollary bilen 4:0 hasaby bilen ýer eýeleriň hasabyna tamamlandy. Oýunda goragçy Serhiýo Ramos iki gol geçirmegi başardy. Şeýlelikde dünýä belli goragçy Ramos milli ýygyndyda 23 gezek tapawutlanyp, goragçylaryň arasynda argentinaly dünýä tanymal Daniel Passarelluny (22 gol) geçip, milli ýygyndy toparlaryň taryhynda birinji orna geçmegi başardy. Mundan başga-da bu oýunda 3-nji goly geçiren 17 ýaşly Ansu Fati, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda tapawutlanan iň ýaş oýunçy boldy.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda 100-nji goluny geçirdi

“Arsenal” 20 ýyldan soňra finala çykdy

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri