JEMGYÝET

Adylbek Kasymaliýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň volbaşçysy Adylbek Kasymaliýew şu ýylyň 21-22-nji maýynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar.

Saparyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlesine gatnaşar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi gutlady

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi