DÜNÝÄ

Türkmenistan “ýaşyl energiýa” babatda Azerbaýjanyň tejribesini ornaşdyrýar

Türkmenistan “ýaşyl energiýa” pudagynda Azerbaýjanyň tejribesini ornaşdyrýar.

Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiň wekili Irina Grişkowa WUF13 çäginde geçirilen SPECA şäherler forumynda žurnalistlere beren beýanatynda habar berdi.

Ol soňky ýyllarda Azerbaýjan tarapyndan ekologiýa we alternatiw energetika ugurlarynda durmuşa geçirilen taslamalaryň Türkmenistan üçin hem gyzykly tejribe bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

Azerbaýjanda alternatiw energiýa çeşmelerine uly üns berilýär. Biz hem siziň tejribäňizi öwrenip, bu ugurda ädimler edýäris. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda demir ýol menzili we awtomenzil ýaly iri desgalarda Gün energiýasy ulanylýar. Gündizki wagtlarda bu desgalarda energiýa sarp edilişi ep-esli artýar. Döwlet energetika ulgamyna düşýän agramy azaltmak maksady bilen, bu desgalarda Gün panelleri oturdyldy”, — diýip ol aýtdy.

Onuň bellemegine görä, şeýle çemeleşme atmosfera zyňyndylaryny hem azaltmaga mümkinçilik berýär.

“Arkadag şäheriniň gurluşygynda ilkinji gezek ýagyş suwlaryny gaýtadan peýdalanmak ulgamy döredildi. Toplanan ýagyş suwlary ilkinji nobatda arassalanar, soňra ýörite howdanlara ugradylyp, netijede şäheriň ýaşyl zolaklaryny suwarmak üçin ulanylýar”, — diýip ol belledi.

Ol şäheriň gurluşygy wagtynda ýüze çykarylan ýerasty suwlaryň hem ýörite lagym ulgamy arkaly ýygnalyp, gaýtadan suwarmak maksady bilen peýdalanylýandygyny aýtdy.

“Häzirki wagtda Arkadagda lagym suwlaryny goşmaça arassalap, ýaşyl zolaklary suwarmaga gönükdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Biz suw serişdelerini tygşytlamaga çalyşýarys, sebäbi esasy suw çeşmeleri ýerasty süýji suw gorlary we Garagum kanaly bolup durýar”, — diýip ol belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumyny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma döredi

Putiniň Hytaýa 25-nji sapary: 40 resminama gol çekildi

Türkmenistanyň ilçisi amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

Türkmen we özbek parlamentarileriniň duşuşygy boldy