Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumyň çäklerinde “Modest Fashion Day” moda görkezilişi geçirildi. Onda Türkmenistanyň “Miras” modalar öýi özüniň ajaýyp lybaslaryny hödürledi.

Türkmen modasy işjeň ösýär. Bu bolsa halkara derejesinde ýurdumyza wekilçilik etmäge mümkinçilik berýär. Golaýda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen halkara forumyň çäklerinde guralan moda görkezilişinda Türkmenistanyň hem orun almagy bellenmäge mynasypdyr.


Moda görkezilişine Türkmenistan bilen bir hatarda Malaýziýa, Indoneziýa, Marokko, Pakistan, Özbegistan ýaly döwletleriň dizaýnerleri öz lybaslaryny hödürledi.

Lybaslaryň görkezilişi bu çäre foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi milli mirasy häzirki zaman meýilleri bilen utgaşdyryp, ajaýyp lybaslaryň üsti arkaly türkmen medeniýetini dünýä tanyşdyrýar.
