Hytaýyň Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolan duşuşygynda bu iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň özara bähbitlidigini mälim etdi diýip, Hytaýyň döwlet habar beriş serişdeleri habar berýär.
“Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar öz tebigaty boýunça özara peýdalydyr we iki tarap üçin hem bähbitlidir” diýip, Si Szinpin aýtdy.
Onuň bellemegine görä, HHR-yň we ABŞ-nyň wekiliýetleri ykdysady we söwda meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de “çemeleşilen we oňyn netijeleri” gazandylar.
Şeýle hem Si Szinpin Donald Tramp bilen bilelikde Pekine gelen amerikan telekeçileri bilen duşuşdy. HHR-yň Başlygy hytaý ykdysadyýetini özgertmekde amerikan kompaniýalarynyň ornuny belläp geçdi we ABŞ-nyň kompaniýalaryna Hytaýda mundan hem uly mümkinçilikleriň garaşýandygyna umyt bildirdi.
Pekine, hususan-da, «Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask we «Nvidia Corp.» ýolbaşçysy Jensen Huang bardylar.
ABŞ-nyň Prezidenti 13-nji maýdan 15-nji maý aralygynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrýar.
