DÜNÝÄ

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Täjigistanyň we Hytaýyň kompaniýalary Täjigistana 8 milliard dollardan gowrak maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen 50-den gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekdiler. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Maglumata görä, Pekinde döwlet saparynda bolýan Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hytaýly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. Ol maýadarlara ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyryp, amatly maýa goýum gurşawyny, maýany goramak ugrundaky özgertmeleri we telekeçilik üçin täze mümkinçilikleri belläp geçdi.

Rahmon Täjigistanyň ykdysadyýetine goýlan hytaý maýa goýumlarynyň möçberiniň takmynan 6 milliard dollara ýetendigini, şolaryň 3,5 milliard dollarynyň gönüden-göni maýa goýumlarydygyny habar berdi.

Şeýle hem ýurtda takmynan 13 milliard dollar möçberinde 300-den gowrak döwlet maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilýändigi we Täjigistanda hytaý maýasy bolan 700-den gowrak kompaniýanyň işleýändigi bellenildi.

Energetika, peýdaly gazyndylary gazyp almak we gaýtadan işlemek, senagat, oba hojalygy, logistika, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Related posts

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok diplomatik missiýasy tamamlady

Ata Watan Eserleri

Horwatiýayň Prezidenti Zoran Milanowiçe gutlag haty