DÜNÝÄ

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Çehiýanyň milli energiýa operatory “ČEPS” Azerbaýjandan tebigy gaz satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babiş Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliyev bilen bilelikdäki geçiren metbugat brifiginde habar berdi.

Ol Azerbaýjanyň gaz çykaryşyny kem-kemden artdyrýandygyny belläp: “Biziň bilen kompaniýanyň ýolbaşçysy hem bar, eger biz Azerbaýjan bilen gaz üpjünçiligi boýunça uzak möhletleýin şertnama baglaşyp bilsek, örän şat bolarys” diýip aýtdy.

Çehiýa her ýyl Azerbaýjandan 2 milliard kub metre çenli gaz satyn almagy meýilleşdirýär. Gaz üpjünçiligi 2028–2029-njy ýyllarda başlap biler. Häzirlikçe şertnama gol çekilmedi, emma şertnama ylalaşylyp, taýýarlyk işleriniň öňdebaryjy tapgyrynda ýerleşýär.

Premýer-ministr Andreý Babiş Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Gabalada geçirilen gepleşiklerde Praga Azerbaýjan gazyny satyn almak boýunça uzak möhletleýin şertnama baglaşmaga ynam bildirýändigini belläp geçipdi.

Häzirki wagtda Azerbaýjan Çehiýa üçin nebitiň iň uly üpjün edijisidir we onuň paýy 42%-e deňdir.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy