DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça Baş müdirliginiň direktory Gülsun Erkula Konsullyk patentini gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Şeýle-de diplomatlar geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Russiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Bir çäýnege ýarym million dollar berdi

Türkiýe Garaşsyzlyk gününi belleýär