JEMGYÝET

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 24-nji aprelde Arkadag şäherindäki ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi bagtyýar öý eýeleri üçin ajaýyp baýramçylyk mynasybetli uly toý sowgady boldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ähli degişli düzümiň kemala gelmegine toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün edýän ýörelgeler türkmen halky üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň üçin hem-de şular ýaly oňaýly jaýlarda ýaşamaga döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin täze jaýyň eýeleri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýyň öýlerinde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar. Öýlerde döredilen şertler bilen tanşan dabara gatnaşyjylar häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Şeýlelikde, döwrebap özgertmeleriň ajaýyp miwesi bolan bu täze ýaşaýyş jaýlary olara göçüp gelen bagtyýar maşgalalar üçin ýetip gelen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar