Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyklaryňyza üns beriň. Iş ugrunda oňyn ýagdaýlar köp bolar, siz hem kärdeşler, ýolbaşçylar we hyzmatdaşlar bilen aňsatlyk bilen düşünişersiňiz. Emma şahsy durmuşyňyzda ýagdaý birneme başgaça bolup biler. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin, hatda söýgüliňizem duýgularyňyzyň sebäbini hemişe düşünip bilmez. Çynlakaý dawa-jenjelleriň öňüni alyp bolar, munuň üçin bolsa hoşniýetli we oňyn bolmak möhümdir. Gahar-gazaba ýol bermäň, sebäbi bu ýagdaýy kynlaşdyryp biler.Işde üstünlik gazanmak üçin döredijilikli çemeleşiň, täze pikirleri synap görüň.
Käbir Hamallar üstünlikli satyn alyşlar ederler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Şahsy gatnaşyklar taýdan örän gowy gün. Soňky wagtlarda romantika ýetmezçilik eden bolsa, bu gün onuň öwezini doldurar. Täze we gyzykly duşuşyklar bolup biler. Hatda olaryň biri owadan söýgi hekaýasynyň başlangyjy bolup biler. Siziň özüne çekiji häsiýetiňiz hiç kimi biperwaý goýmaz.Uzak wagt bäri bile bolan Sowurlar gatnaşyklaryny berkitmek üçin mümkinçilik taparlar. Bu gün açyk gürrüňler we bilelikdäki meýilnamalar üçin amatlydyr.Işde käbir ownuk kynçylyklar bolup biler ýöne siz olaryň çözgüdini taparsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gün örän işjeň we ylham beriji bolar. Köp Jöwzalar täze pikirler bilen doly bolar. Ýöne öz güýjüňizi artyk bahalandyrmaň  dynç almak hem möhümdir.Siz döredijilikli we çalt çözgüt talap edýän işlerde üstünlik gazanarsyňyz. Emma ýönekeý, gaýtalanýan işler sizi ýadadyp biler.Syýahat etmek ýa-da ýagdaýy üýtgetmek üçin gowy gün. Emma möhüm kararlary tanyş ýerde kabul etmek maslahat berilýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün özüňizi aşa ýüklenmäň. Energiýaňyz öňküsinden az bolup biler. Irki sagatlar has ýeňil geçer, şonuň üçin möhüm işleri şol wagtda ýerine ýetiriň.Siz meseleleri gizlemän, çözmäge synanyşarsyňyz bu bolsa size  üstünlik getirer.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak mümkinçiligi bolar. Düşünişmezlikleriň sebäbi aýdyňlaşar we ylalaşyk gazanylar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün köp zatlar gowy bolar, esasan hem içki duýgyňyzyň kömegi bilen. Siz çalt we ynamly hereket edersiňiz. Bu bolsa beýleki adamlary haýran galdyrar.Täze tanyşlyklar we romantiki başlangyçlar mümkin.
Pul taýdan ownuk girdejiler bolup biler. Günüň ikinji ýarymynda üstünlikli satyn alyşlar hem  mümkin.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Adamlar bilen düşünişmek ukybyňyz size köp kömek eder. Hatda kyn häsiýetli adamlar bilen hem dil tapyşarsyňyz.Işde käbir gijikmeler bolup biler, ýöne bu uly mesele döretmez.Pul meselelerinde seresap boluň  tygşytlylyk size peýda getirer.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün başgalara kömek etmekden lezzet alarsyňyz. Eden ýagşylygyňyz size hem peýda getirer.
Günüň başynda öň başlan işleriňizi  tamamlamak has gowy.Günüň ikinji ýarymy täze başlangyçlar we döredijilik üçin amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Optimizmi ýitirmäň. Maksada ýetmek üçin biraz güýç sarp etmeli bolarsyňyz.Şeýle hem meýilnamalaryňyz doly taýýar bolýança, olary hemmelere aýan etmäň. Dymmaklyk size köp täzelikleri  getirer.Günüň ikinji ýarymynda uly maýa goýumlary ýa-da bergileri üzmek barada kararlar bermek üçin amatly döwür. Emma her bir ädimi ýedi ölçäp, bir kesiň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)    

Üstünligi tiz gazanmak islemegiňiz mümkin, ýöne howlukmaň. Sabyrly boluň.Adamlar bilen gatnaşyklar birneme kyn bolup biler, emma bu wagtlaýyn ýagdaýdyr.Gelejek barada pikirlenmek we meýilnama düzmek üçin gowy gün.Günüň ikinji ýarymynda  söýgi we dostluk gatnaşyklarynda açyklyk hem-de hakykatçyllyk birinji orunda durmalydyr. Ýakynlaryňyz bilen gyzykly gürrüňdeşlikler we bilelikde geçiriljek wagt gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Howatyrlanmaň  özüňize bolan  ynam köp meseläni çözmäge kömek eder.Işde  birneme ýadadyp bilersiňiz, ýöne siz ýagdaýy dogry seljerip başararsyňyz.Şeýle hem şahsy gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini tiz taparsyňyz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Hereket ediň! Bu gün öňden meýilleşdiren  işleriňizi  amala aşyrmak üçin amatlydyr.Köne dostlaryňyz  bilen duşuşyklar ýa-da gürrüňler size ylham berer.Günüň ikinji ýarymynda  resminamalar bilen bagly ownuk kynçylyklar bolup biler, ýöne siz olaryň hötdesinden gelersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Alada etmäň  hemme zat gowy bolar. Günüň başynda ownuk kynçylyklar bolup biler.Ýakynlaryňyzyň kömegi bilen siz ähli ýagdaýlary ýeňip geçersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda adaty bolmadyk meseleleriňizi  çözmekde siziň özboluşly garaýşyňyz ýolbaşçylaryňyzyň ýa-da kärdeşleriňiziň ünsüni çekip biler.