JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurda sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin beýan edip, Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga Hytaý Halk Respublikasynda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy 20 ýyllygyny belläp geçmegi energetika toplumynyň strategik ähmiýetini aýdyň tassyklaýar. «Biz Mary welaýatynda Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr» diýip Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça  mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri