DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Isa ogly Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, dostluga, doganlyga we özara ynama esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, akademiki hereketliligi ösdürmek, torlaýyn bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem STEM-bilim, sanlylaşdyrmak, innowasiýalar we ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Related posts

Türkmenistan’da “Acil taksi” mobil uygulaması geliştirildi

vepa

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Gazagystana barar