DÜNÝÄ

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň mejlisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Adylbek Kasymalyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň premýer-ministri Unal Ustel hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdy.

Häzirki wagtda türki döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, ulag we logistika ulgamlarynda, energetika howpsuzlygy, sanly özgeriş, ynsanperwerlik we başga-da köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilikler bar.

Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň bellemegine görä, Azerbaýjan hemişe guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär we guramanyň ähli agza döwletleri bilen ikitaraplaýyn derejede strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şu nukdaýnazardan, ýurtlaryň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda bu ugurda oňyn ösüş depgini saklanyp galýar.

Ali Asadowyň bellemegine görä, geçen ýyl Azerbaýjanyň Türk döwletleriniň guramasyna agza ýurtlar bilen umumy haryt dolanyşygy 5 göterimden gowrak artdy. Azerbaýjanyň agza döwletlere goýan maýa goýumlarynyň umumy möçberi 21 milliard ABŞ dollaryna barabardyr. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe hyzmatdaş ýurtlar bilen döredilen bilelikdäki maýa goýum gaznalary ileri tutulýan ugurlar boýunça özara maýa goýumlaryny giňeltmäge we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat edýär. Şeýle-de bolsa, bar bolan mümkinçilikleri bu görkezijilerden birnäçe esse ýokarydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi